"Solar panels" ýa-da gün panelleri, elektrik energiýasynyň sarp edilmeginden geçip, özüniň tygşytlylygy bilen dünýäde köpden bäri meşhurlyk gazandy.
gün panellerini öndürmek we gurnamak boýunça ygtyýarnamasy bar bolan ilkinji we ýeketäk kompaniýadyr.
Kompaniýa dünýede giňden ýaýran gün we şemaldan alynýan alternatiw energiýany elýeterli etmek maksady bilen 2015-nji ýylda höwesli entuziastlar tarapyndan esaslandyryldy.
Biz Türkmenistanda «Victron energy» kompaniýasynyň gün panelleriniň we enjamlarynyň ýeke-täk resmi wekili, import edijisi we gurnaýjydyrys.
Gün panelleri gün şöhlelerinden alynýan elektrik energiýasyny özünde jemläp ýygnaýan enjamdyr.
ECOPROGETTI-den ulanýan panellerimiz iki görnüşe bölünýär:
Stringer stanoklary eýýäm kesilýän öýjükler bilen işlemek üçin döwrebaplaşdyrylan. Ýarym öýjükli moduller CTM-de has az kuwwat ýitgilerine eýedir, panel has ýokary öndürijilige eýe, moduli netijeli iki bölege bölýän iki panelli konstruksiýasy bolsa ýokary öndürijiligi gazanmaga, hatda bulutly şertlerdede, rugsat berýär.
“ECOPROGETTI”-iň 9BB-12BB stringer-maşyny ykjam lehim birikmesini (паяльное соединение) saklaýar, emma has kiçiräk we darrak tor bölünmeleri bilen. Önümçilikde lenta bolan zerurlygyň ýoklugy kümüşiň sarp edilmesini peseldýär, ol bolsa öz gezeginde moduliň çykyş kuwwatyny artdyrýar we önümçilik çykdajylaryny peseldýär.
Paneller ýewropanyň ähli standartlaryna gabat gelýär we ulanmaklykda örän aňsat. Täze tehnologiýalar paneli açyk meýdanlarda oturtmaklyga mümkinçilik berýär, sebäbi ol antiserpikdiriji material bilen örtülendir, ol elemente açyk mawy reňki berýär we daşky faktorlaryň täsir etmesiniň öňüni alýar.
Gün panellerini gurnamak bilen, “Täze energiýa” kompaniýasy özüniň müşderileriniň rahatlygy üçin wagt bilen bir aýakda ýöreýär.
Gün panellerini öndürmeklik üçin bar bolan mümkinçilikleri we gerekli bolan enjamlaryň ýurdumyzda bolmaklygyny gözöňünde tutup, biz, Türkmenistanyň aýna zawody bilen bilelikde ýurdumyzdaky ýyladyşhanalarda giňden ulanyljak “Glass-glass panel”-riň önümçiligine başlamagy meýilleşdirýäris.
“Täze energiýa” size biziň inženerlerimiziň sowatly maslahatyny almaga kömek berer. Biziň komandamyz kompaniýamyzyň ýokary hilli we netijeli işlemesi üçin esasy girewüdir. Olar adaty standart bolmadyk meseleleri çözüp bilýän, islendik kynçylykdaky işlerden baş alyp çykýan kuwwaty 250kWt bolan bir panelden kuwwaty 100GWt bolan gurnamalary dikip bilýän ýokary-tejribeli öz işleriniň ussatlarydyr.
Biz bazardaky ýeketäk monopolist we gün panellerini öndürýän “ECOPROGETTI” italýan kompaniýasynyň resmi wekili bolup durýarys.
• Biz müşderilerimiziň abraýyna we bize bolan ynamyna sarpa goýýarys;
• Biziň gün stansiýalaryny gurmakda baý tejribämiz bar;
• Biz boýnumyza alan işimize 30 ýyldan ýokary kepil geçýäris;
• Hez bir müşderimize indiwidual çemeleşýäris;
• Biz gurluşyk we gurnama işleriniň doly kompleksini (ulgamyny) amala aşyrýarys.